Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky yklym çempionatlaryny 2023-nji ýyla süýşürdi

23:1515.01.2021
0
5301

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2021-nji ýylda ýetginjekleriň (16 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (19 ýaşa çenli) arasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýa çempionatlaryny ýatyrdy. Bu ýaryşlar 2023-nji ýylda geçiriler.

Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem Bahreýn bilen Özbegistan 17 we 20 ýaşa çenlileriň arasyndaky yklym ýaryşlaryny geçirmek hukugyny özünde saklap galýarlar. Bu ýaryşlar 2023-nji ýylda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň