14-nji ýanwarda Türkmenabat şäherinde geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berdi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň" çäklerinde pudakda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi dowam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, seljerme işleriniň geçirilendigini, netijede bu birleşigiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.
“Türkmenderýaýollary” paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde paýly gatnaşmakda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş ederler.