Arhiw

Türkmenistanda welaýatlaryň we paýtagtyň häkimliklerinde gurluş we wezipe üýtgetmeleri geçirilýär

08:0015.01.2021
0
16661

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny gaýtadan tassyklamak barada hasabat berdi ― diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we maglumatlaryň elektron binýady ulgamyny döretmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşynda hereket edýän işgär birliginiň we zähmet haky gorunyň çäginde 3 wezipe birliginden ybarat “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” atly bölümini döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň birnäçesiniň adyny üýtgetmek hem-de baş hukukçynyň wezipesini girizmek baradaky teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýlara has uýgunlaşan hojalyk işiniň köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň" we beýleki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri, umuman makullap, alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň