Soňky habarlar

Arhiw

«Lebapetönümleri» şu ýyl önümçiligi 100 tonna ýetirmegi meýilleşdirýär

09:5412.01.2021
0
1419

«Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçen ýylda 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde şu ýyl bu görkezijini 100 tonna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şu günlerde ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 18 görnüşi ýetirilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýan önümleriň hili alyjylaryň göwünlerine ýaraýar.

Welaýat boýunça döwlet we hususy eýeçiligindäki söwda dükanlarynda ýerleşdirilen paýdarlar jemgyýetiniň sowadyjylarynyň 280-si önümleri alyjylara terligine ýetirmek üçin ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň