Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň «Мir 24» teleýaýlymy ýokanç kesele garşy göreşde türkmen buýanynyň peýdalary barada gürrüň berdi

14:2410.01.2021
0
23663

Russiýanyň «Мir 24» teleýaýlymynyň habarlar gepleşigi öz täzeligini  Türkmenistanyň Prezidentiniň koronawirusa garşy göreşde buýan köküniň peýdalary baradaky taglymyna bagyşlady.

Bu meseläni has anyklaşdyrmaklyk üçin, bu ösümligi ösdürip ýetişdirmeklik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmeklik bilen ýakyndan iş çalyşýan hünärmenlerimiz we ýolbaşçylarymyz bilen söhbetdeşlikler geçirildi.

Russiýanyň «Мir 24»  teleýaýlymynyň habarçysy Dmitriý Barbaş bu ösümligiň bejeriş aýratynlyklarynyň ýüzlerçe ýyllardan bäri belli bolandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, buýan demgysmany, allergiýany bejerýär we wiruslara garşy göreşýär.

Türkmenistan dünýäde buýany iň esasy eksport ediji ýurtlaryň biridir. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu gymmatly ösümligiň peýdaly häsiýetlerini ulanmagy Hökümet ýygnagynda teklip etdi.

Buýan, köplenç ženşen (Uzak Gündogarda ösýän we kökünden derman edilýän ösümlik) bilen deňeşdirilýär. Mundan başga-da, oňa buýan ýa-da türkmen süýji buýany diýilýär. Hil we sarp ediji aýratynlyklary taýdan buýan bu dünýädäki iň oňat ösümlikleriň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat»  birleşiginiň «Buýan»  agrosenagat toplumynyň müdiri Meret Baýramow:

«Buýan köki dünýäniň ähli ýurtlarynda dermanlyk çig mal hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň düzüminde glýukoza, sukroz, pektin maddalary, glisirrizin bar. Türkmenistanda buýanyň dört görnüşine duşmak bolýar. Buýan häzirki wagtda iň uly amaly gyzyklanma döredýän ösümlikdir.» – diýip belledi. 

Buýan köküniň esasynda allergiýa, sowuklama, bronhial demgysma, ekzema we wirusa garşy dermanlar öndürilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň Derman öndürmek tehnologiýasy barlaghanasynyň başlygy Batyr Danatarow:

«Buýan 350-den gowrak dermanyň düzüminde bolýar. Tehnologiýa merkezinde bioaktiw maddalary öndürmekde we fitosomal dermanlary döretmekde synaglarymyz bar. Oba-senagat toplumy, Türkmenistanda buýanyň gaýtadan işlenýän ýeke-täk ýeridir. Bu ýerde iň döwrebap enjamlar bar. Buýandan ýasalan dermanlyk önümler içerki bazarlara çykarylýar hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduna eksport edilýär. Kärhananyň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, buýandan ýasalan önümler iň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.» - diýip nygtady.

Çaýlar, ekstraktlar, balzamlar, peýdaly maddalar bilen kapsulalar buýan kökünden ýasalýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumatlar merkeziniň müdiri Ogulmähri Geldiýewa:

«Alymlar glisirriz kislotasynyň wiruslara, bakteriýalara we esasanam koronawirus ýokançlygyna garşy işjeňligini kesgitlediler. Hormatly Prezidentimiz, milli derman senagatyny giňeltmegiň, bu kislotany öndürýän kärhana döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.» - diýip belledi.

Mundan ozal Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligine «COVID-19»-a garşy göreşde buýanyň dermanlyk aýratynlyklaryny öwrenmekligi tabşyrandygyny habar berdik.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň