“Türkmenpoçta” Türkmenistanyň ähli künjeklerine haryt ibermek mümkinçiliginden peýdalanmak hyzmatyny hödürleýär

17:3608.01.2021
0
29096

Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy sizi 2 kg-dan ýokary bolmadyk ýollanmalar üçin Türkmenistanda çapar iberiş hyzmatyny ulanmaga çagyrýar. Şeýle hem Aşgabadyň demir ýol menzilinden ýurduň gämi duralgalaryna dürli ululykdaky ýükleri ibermek mümkin.

Poçta kompaniýasynyň işgärleriniň “Türkmenportal”-a habar berşi ýaly, ýük ugradylan wagtynda ýüküň agramy çäklendirilmeýär.

Ibermezden ozal demir ýol menziliniň işgärine iberilýän ýollanmany we resminamalary görkezmeli.

Harytlary ibermegiň bahasy, ýollanmanyň agramyna we belli bir barjak stansiýasyna görä hasaplanylýar.

Hyzmat barada goşmaça maglumatlary +993 12 273155, +99312 273186 belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz (Tizleşdirilen poçta we ýük iberiş bölümi).

Seýle hem okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň