Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenpoçtanyň" onlaýn dükanyndaky harytlaryň sany köpelýär

15:0502.01.2021
0
17302

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň onlaýn dükany önümleriniň üstüni täze görnüşler bilen dolduryldy. Hususan-da, täzelikleriň arasynda çagalar we ulular dokma önümleri, şeýle hem MB haryt nyşanly aýakgaplar bar.

Şeýle hem onlaýn dükan «Gala», «Ýeniş», «Bedew», ADT, «Nusaý», «Akar» haryt nyşanly we «Bahar» tikinçilik kärhanasy, Aşgabadyň Modeller öýi ýaly kärhanalaryň önümlerini hödürleýär. Önümleriň arasynda agyz-burun örtüklerini we tämizlik serişdelerini hem tapyp bilersiňiz.

Bu mümkinçilikleri «Türkmenpoçtanyň üç dilde işleýän resmi saýtyndaky «TurkmenPostMarket» onlaýn dükany berýär.

Onlaýn dükandan satyn alnan harytlary «Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanyp, öýmüze çenli getirdip bolýar. Munuň üçin önümi saýlap, onlaýn sebete atmak we degişli maglumatlary ýerleşdirmek ýeterlikdir.

Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin 30, ýurduň welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin 40 manat möçberinde bellenildi. Tölegi nagt we nagt däl görnüşinde hem geçirip bolar.

«TurkmenPostMarket» tarapyndan hödürlenilýän önümleri şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň