FIDE-niň ussady küşt barada iňlis dilinde kitap ýazdy

13:0008.01.2021
0
5897

Ýakynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussady, halkara derejeli emin Şöhrat Myratgulyýewiň «Gündogaryň ajaýyp oýny» atly täze kitaby iňlis dilinde çapdan çykdy.

«Ylym» ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan ne­şir edi­len ki­tap­da türk­men hal­kynyň söý­gü­li oý­ny bo­lan küştüň ta­ry­hy ba­ra­da gy­zyk­ly we tä­sir­li maglu­mat­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu ýerde ga­dy­my­ýet­de türk­men küşt­çü­le­ri­niň küşt sun­ga­ty­na go­şan go­şant­la­ry ba­ra­da, her bir dö­wür­de türk­men küşt­çü­le­ri­niň dün­ýäde ga­zanan üs­tün­lik­le­ri hakyn­da örän gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýär. Ki­tap bir­nä­çe tä­sir­li we ta­ry­hy su­rat­lar bi­len be­ze­lip­dir. Ga­dy­my küşt oý­ny ba­ra­da aý­dylýan aja­ýyp söz­ler hem täze neşirde öz beýanyny ta­pyp­dyr. Ki­tap­da türk­men küşt­çi­le­ri­niň 500-den gow­rak aja­ýyp saý­la­ma oýun­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir. Esa­sy bel­läp geç­me­li zat, hormatly Prezidentimiziň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­dan al­nan küşt oý­ny ba­ra­da­ky aja­ýyp ro­wa­ýat­lar uly ähmiýete eýedir. Ki­tap giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­len­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň