Soňky habarlar

Arhiw

Garabogaz karbamid zawody önümleriniň agramly bölegini eksporta goýberýär

11:4108.01.2021
0
8514

Garabogaz karbamid zawodynda geçen ýyl karbamid öndürmek baradaky meýilnama üstünlikli amal edildi. Taýýarlanylan önümiň ähli möçberi diýen ýaly daşarky bazarlara çykaryldy. Işleriň depgini häzirki zaman kärhanasynyň ýakyn wagtda öz taslama kuwwatlylygyna çykaryljakdygyny aňladýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýan himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm tapgyrlaryň biri bolan bu toplum 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da, beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Şeýle uly önümçilik mümkinçiliklerine eýe zawod ildeşlerimiziň ýüzlerçesini iş bilen üpjün etmäge şert döretdi.

Umumy meýdany 60 gektara barabar zawodda ornaşdyrylan enjamlaryň daşary ýurtlaryň iň kämil enjamlary bolmagy we olaryň doly awtomatlaşdyrylmagy kärhananyň önümçilik kuwwatynyň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň