Soňky habarlar

Arhiw

Elon Mask dünýäniň iň baý adamy boldy

10:5908.01.2021
0
10282

Elon Mask 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen "Dünýäniň iň baý adamy" diýen hormatly ada eýe boldy.

"CNBC"-iň hasabatyna görä, "Tesla" şereketiniň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagyndan soň, kompaniýanyň baş direktory Elon Mask 185 milliard dollardan gowrak baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyndan ýer almagy başardy.

Şeýlelik bilen Mask, bu ady 2017-nji ýyldan bäri  "Dünýäniň iň baý adamy" diýen hormatly ada eýe bolup gelýän "Amazon" şereketini esaslandyryjy Jef Bezosdan aldy. Bezos 184 milliard dollar baýlygy bilen baýlaryň sanawynda  ikinji ýerde durýar.

Mask  baýlygynyň şeýle ýokary derejede artmagy bilen baýlaryň sanawynda "Girdejisi iň çalt artan ynsan" hökmünde taryha girdi. Bu dereje meşhur telekeçiniň soňky 18 aýda eden şahsy tagallalarynyň netijesini görkezdi.

2020-nji ýyla 27 milliard dollar baýlygy bilen başlan we dünýäniň iň baý 50 adamynyň hataryna giren Mask, "Tesla" şereketiniň paýnamalarynyň 9 esse ýokarlanmagy bilen baýlygyna 150 milliard dollardan gowrak pul goşdy. Bu kompaniýanyň bazar bahasy 737,6 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň