Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny tabşyrmak döwri başlady

20:1105.01.2021
0
30397

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2020-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasabat döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna tabşyrmaly.

Pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen bir wagtyň özünde tölenilýär.

Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasabat döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň