Soňky habarlar

Arhiw

Son Hyn Min Aziýanyň iň gowy futbolçy bolmak ugrundaky ýaryşda Serdar Azmundan üstün çykdy

23:0504.01.2021
0
5713

Fox Sports Asia teleýaýlymyndaky ses berlişik tamamlandy. Onuň dowamynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça Aziýanyň iň gowy futbolçysy kesgitlenildi diýip, soccernews.ru habar berýär.

Bu abraýly ada eýýäm bassyr dördünji gezek Londonyň “Tottenhem” toparynyň 28 ýaşly hüjümçisi Son Hyn Min mynasyp boldy. Ses berlişige gatnaşanlaryň 35 göterimi oňa ses berdiler we bu öz gezeginde rekord hasaplanylýar.

Ikinji orny "Zenitiň" eýranly hüjümçisi Serdar Azmun, dördünji orny - Andres Iniesta ("Wissel Kobe"), sekizinji orny - Takefusa Kubo ("Real") eýeledi.

Häzirki dowam edýän möwsümde Son Hyn Min iňlis premýer-ligasynda 16 oýna gatnaşyp, 12 goly öz adyna ýazdyrdy we 5 sany asist etmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň