«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti şu günki sanynda 2021-nji ýylyň senenamasyny çap etdi.
«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenjek şu ýylda ýurtda belleniljek milli we halkara baýramçylyklar, möhüm we ýatdan çykmajak seneler bilen tanyşdyrýarys:
- 1-nji ýanwar ― Täze ýyl;
- 27-nji ýanwar ― Watan goragçylarynyň güni;
- 18-nji fewral ― Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni;
- 8-nji mart ― Halkara zenanlar güni;
- 21-22-nji mart ― Milli bahar baýramy;
- 7-nji aprel ― Bütindünýä saglyk güni;
- Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi ― Türkmen bedewiniň milli baýramy;
- 9-njy maý ― 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda gazanylan Ýeňiş güni;
- 18-nji maý ― Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
- 25-nji maý ― Aşgabat şäheriniň güni;
- Maý aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen halysynyň baýramy;
- 1-nji iýun ― Halkara çagalar güni;
- 3-nji iýun -―Bütindünýä welosiped güni;
- 5-nji iýun ― Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni;
- 12-nji iýun ― Ylymlar güni;
- 27-nji iýun ― Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni;
- 1-nji sentýabr ― Bilimler we talyp ýaşlar güni;
- Sentýabryň ikinji şenbesi ― Gurluşyk, energetika we jemagat işgärleriniň güni;
- 27-nji sentýabr ― Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
- 1-nji oktýabr ― Ýaşulularyň halkara güni;
- 6-njy oktýabr ― Hatyra güni;
- 10-njy oktýabr ― Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni;
- Oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesi ― Senagat işgärleriniň güni;
- Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi ― Hasyl baýramy;
- 12-nji dekabr ― Halkara Bitaraplyk güni;
- 14-nji dekabr ― Nebitgaz we geologiýa işgärleriniň güni;
- 21-nji dekabr ― Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.A.Niýazowy ýatlama güni;
- Oraza baýramy ― Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kesgitlenýär;
- Gurban baýramy ― Gurban baýramynyň anyk güni her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kesgitlenýär.