Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky şanly seneler we belli günler baradaky maglumat

20:5101.01.2021
0
67733
Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky şanly seneler we belli günler baradaky maglumat

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti şu günki sanynda 2021-nji ýylyň senenamasyny çap etdi.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenjek şu ýylda ýurtda belleniljek milli we halkara baýramçylyklar, möhüm we ýatdan çykmajak seneler bilen tanyşdyrýarys:

  • 1-nji ýanwar ― Täze ýyl;
  • 27-nji ýanwar ― Watan goragçylarynyň güni;
  • 18-nji fewral ― Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni;
  • 8-nji mart ― Halkara zenanlar güni;
  • 21-22-nji mart ― Milli bahar baýramy;
  • 7-nji aprel ― Bütindünýä saglyk güni;
  • Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi ― Türkmen bedewiniň milli baýramy;
  • 9-njy maý ― 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda gazanylan Ýeňiş güni;
  • 18-nji maý ― Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
  • 25-nji maý ― Aşgabat şäheriniň güni;
  • Maý aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen halysynyň baýramy;
  • 1-nji iýun ― Halkara çagalar güni;
  • 3-nji iýun -―Bütindünýä welosiped güni;
  • 5-nji iýun ― Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni;
  • 12-nji iýun ― Ylymlar güni;
  • 27-nji iýun ― Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni;
  • 1-nji sentýabr ― Bilimler we talyp ýaşlar güni;
  • Sentýabryň ikinji şenbesi ― Gurluşyk, energetika we jemagat işgärleriniň güni;
  • 27-nji sentýabr ― Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 1-nji oktýabr ― Ýaşulularyň halkara güni;
  • 6-njy oktýabr ― Hatyra güni;
  • 10-njy oktýabr ― Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni;
  • Oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesi ― Senagat işgärleriniň güni;
  • Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi ― Hasyl baýramy;
  • 12-nji dekabr ― Halkara Bitaraplyk güni;
  • 14-nji dekabr ― Nebitgaz we geologiýa işgärleriniň güni;
  • 21-nji dekabr ― Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.A.Niýazowy ýatlama güni;
  • Oraza baýramy ― Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kesgitlenýär;
  • Gurban baýramy ― Gurban baýramynyň anyk güni her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kesgitlenýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň