Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri türki dilleri öwretmekmäge niýetlenen ylmy internet portalyny döretdiler. Bu portal «Türki morfema» diýlip atlandyrylýar.
Taslama hasaplaýyş lingwistikasynyň tehnologiýasyna esaslanýar. Ol öz içine türki dilleriň 30-dan gowragyny, şol sanda türkmen dilini hem alýar. Ylmy internet portalyny döretmäge Krym federal uniwersitetiniň alymlary hem gatnaşdy.
Saýt türki dilleri öwrenmek üçin mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu ýerde gaýtadan işlenen maglumatlaryň türki dilleriň hut özüne esaslanmagy türkologlaryň işini aňsatlaşdyrýar.
Saýt okyjy we hünärmen iş usullarynda işleýär. Hünärmen oňa üýtgeşmeleri hem girizip biler.