Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ýaponiýa bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyrynda

23:2422.12.2020
0
5754

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JWIС) baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodynyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodynyň ulanylmaga .berilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy.

Şeýle hem ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi.

Mundan başga-da, taraplar durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bir hatarda gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garadylar.

Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy baradaky meseläp geçip, taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Tokioda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň ähmiýetini bellediler.

Hyzmatdaşlygyň geljekki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň