Top.Mail.Ru

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýaşlaryň arasyndaky halkara matematika olimpiadasynda üç medal gazandylar

20:5119.12.2020
0
14114

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýaşlaryň arasynda matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryşda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýsoltan Atabaýewa altyn medala mynasyp bolan bolsa, Nagym Tanrygulyýew we Arslan Annanyýazow kümüş medal gazandylar.

Halkara olimpiada 3 tapgyrda geçirilýär, ilkinji iki tapgyrda oňa gatnaşyjylar dürli kombinator meseleleri çözüp, matematikadaky ylmy gözlegleri alyp barmaly boldular. Üçünji tapgyr bolsa 30 sowaldan ybarat 30 minutlyk synag boldy.

Bu Olimpiada her ýyl 98 döwletden 6500-den gowrak adam gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň