Tunisiň kenarýakasyndan ýola düşen bosgunly gämi Sisiliýa aýlagynda agdarylyp, 40 töweregi adam dereksiz ýitdi. Bu barada ANSA habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Heläkçilikde aman galanlar 16-njy mart agşamy Tunisiň Sfaks şäherinden ýel berilýän gaýykda ýola düşendiklerini gürrüň berdiler. Gaýykda 56 adam bar ekeni. Bosgunlaryň köpüsi deňizde güýçli harasat dörände, suwa gaçypdyr. Italiýanyň kenar goragynyň gözegçi katerleri 10 sany bosguny halas edip, Lampeduza adasyna eltipdir. Şeýle hem alty sany gurban bolan adamyň jesedi tapylypdyr. Dereksiz ýitenler gözlenilýär.