Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Materiallaryň garşylygy» dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. 18-nji martda geçirilen halkara internet olimpiadasy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedowyň gutlag sözi bilen açyldy.
Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, internet olimpiadasyna 18 sany döwletiň 117 sany (şolaryň 95 sanysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri) ýokary okuw mekdebinden 895 sany (şolaryň 665 sanysy daşary ýurtly gatnaşyjylar) talyp ýaşlar gatnaşdy. Olaryň hatarynda Azerbaýjandan, Awstraliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Belarus Respublikasy, Ermenistan, Eýran Yslam Respublikasy, Fiji Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Özbegistan, Pakistan, Russiýa Federasiýasy, Rumyniýa, Türkiýe we Uganda ýaly ýurtlar bar.
Bellenilişi ýaly, «Materiallaryň garşylygy» dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi tejribe alyşmakda, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde netijeli boldy.
Geçirilen olimpiada daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
IV Açyk halkara internet olimpiadasynynyň geçirilmegi mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi guraldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar.