Ýerde howanyň temperaturasy soňky onýyllykda taryhda iň ýokary derejä ýetdi, howada kömürturşy gazyň derejesi-de soňky 800 müň ýylda iň ýokary derejede boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä meteorologik guramasynyň nutugynda aýdylýar diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Ady tutulan gurama BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň: «Biziň planetamyz barha ýygy-ýygydan betbagtlyk duýduryşyny berýär» diýen sözlerini getirýär.
Bütindünýä meteorologik guramasynyň nutugy tutuşlygyna ählumumy maýlama bagyşlanyp, onda klimatik özgerişlikleriň kömrüň, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenmegi ýaly adamyň işi bilen baglydygy aýdylýar. Alymlar 2024-nji ýylyň synlamalaryň 175 ýyllyk taryhynda iň maýyl bolandygyny belleýärler.
Netijede, adatdan daşary howa hadysalary artyp, ol ilatyň soňky 16 ýyldaky iň köp göçemenligine sebäp boldy. Ýagdaý şeýle hem azyk krizisini ýitileşdirdi we beýleki ykdysady meseleleri-de sebäp boldy.
BMG halkara maksadynyň heniz hem howanyň maýlamagynyň derejesini senagatdan öňki döwürdäki howa derejesinden (1850-1900 ýyllar) Selsiý boýunça 1,5 gradusdan geçirmezlikden ybaratdygyny yglan edýär. 2024-nji ýylda bu görkeziji Selsiý boýunça 1,55 göterime ýetdi. Emma nutuga görä, bu ählumumy maksada ýetmek heniz mümkin. Guterriş munuň üçin ýurtlaryň liderlerini bilelikde öz çäklerinde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmaga çagyrdy.