Soňky habarlar

Arhiw

“Begler Ýoly” kompaniýasy katalogy bilen öz web sahypasyny işe girizdi

17:3818.12.2020
0
19089

“Begler Ýoly” hususy kärhanasy, “ALGAP” brendiniň önümleriniň ähli görnüşlerini hödürleýän önüm katalogy bilen öz web sahypasyny açdy. Saýt, önümleriň görnüşlerini has jikme-jik tanyşdyrmak üçin döredildi.

Katalogy saýtyň baş sahypasyndan ýükläp alyp bilersiňiz. Katalogda gök önümler we miweler üçin plastik gutular, azyk önümleri we öýdäki himiki serişdeler üçin 1-den 20 litr göwrümli plastik çüýşeler we bankalar, azyk önümleri üçin “çelekler”, günortanlyk naharlary salmak üçin bir gezeklik gaplar, plastik turbalar we suwarmak üçin niýetlenen şlanglar bar.

Saýtda “Begler Ýoly” hususy kärhanasynyň gazanan üstünlikleri we önümiň hili üçin berilen baýraklar bilen hem tanşyp bilersiňiz. Ýörite bölüm arkaly kompaniýanyň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamak üçin maglumatlar ýerleşdirilen.

“Begler Ýoly” hususy kärhanasynyň önümleri bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň