17-njii dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça meseleler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýany goňşy Owganystana ibermek hakynda şertnamalar 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda baglaşyldy.
Häzirki wagtda owgan tarapyna “Serhetabat-Hyrat-Turdundy” hem-de “Rabatkaşan-Kalaýnau” ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly zerur işler geçirilýär.
Biz geljekde hem dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrarys. Olar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşandymyz bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.