Top.Mail.Ru

FIFA, «The Best ― 2020»: Manuel Noýer ― ýylyň iň gowy derwezeçisi

10:1418.12.2020
0
4382

Pandemiýa sebäpli onlaýn geçirilen FIFA-nyň iň gowulary bäsleşiginde Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň «Bawariýa» futbol toparynyň derwezeçisi Manuel Noýer «Ýylyň iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi.

Ol bu ýaryşa «Liwerpuldan» Alisson Beker we Madridiň «Atletikosyndan» Ýan Oblak bilen girişdi.

Manuel Noýer şu ýyl topary bilen «Bundesliganyň» çempiony boldy, Germaniýanyň kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy, Ýewropanyň Çempionlar ligasynda we Naýbaşy kubogynda ýeňşe ýetdi.

Bu baýraga bäşinji gezek mynasyp bolýan Noýer mundan ozal 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda FIFA tarapyndan «Ýylyň iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň