Türkmenistan ÝUNISEF bilen kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

23:5717.12.2020
0
3162

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginde wideoaragatnaşyk boýunça BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand bilen duşuşyk geçirildi, onda kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar döwlet derejesinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň netijeli häsiýetini belläp, sanly bilim ulgamynda usullary kämilleşdirmek, durmuş goraglylygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly bolan geljegi uly meýilnamalar barada pikirlerini beýan etdiler.

Missiýanyň ýolbaşçysy gaznanyň geçirýän işleri, hususan-da, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça durmuş mahabatyny türkmen teleýaýlymlary boýunça alyp görkezmek babatda işler barada gürrüň berdi. Bu mesele boýunça maslahatlar saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki degişli işler ýola goýuldy.

SMS arkaly lukmançylyk maslahatlaryny müşderilere yzygiderli ugratmak “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk taslamalarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem hanym Weýgand saglygy goramagyň düzgünleri hakynda bilimleri ilatyň arasynda ýaýratmak üçin Internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we Internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Karary esasynda ýurdumyzyň dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, halk hojalygynda amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuter torunyň ulgamyndan peýdalanmagyň ýola goýlandygy bellenildi. Şeýle hem Telekommunikasiýalar we informatika institutynda sanly ykdysadyýetde täze programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlary bilen meşgullanýan hünärmenler taýýarlanylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan bu ugurda bilimli, ussat hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen, “Sanly çözgüt-2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirildi.

Ýakynda ýurdumyzda ilkinji milli “tmchat” messenjer onlaýn programmasy işe girizildi hem-de sanly.tm täze elektron poçtasy hereket edip başlady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, häzirki ýagdaýlaryň maglumatlary we bilimleri ýaýratmak, şol sanda çagalaryň saglygyny goramagyň bähbidine ýaýratmak üçin kommunikasiýalary ösdürmegiň strategik ähmiýetini şöhlelendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň