Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Zenanlar birleşikleri tejribe alyşmaga taýýar

16:1516.12.2020
0
8678

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al-Haşemi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçysy Gurbangül Ataýewa bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň başynda Abdulaziz Al-Haşemi öz adyndan we BAE-nyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Şeýh Fatima Bint Mübäregiň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady. Ol türkmen gelin-gyzlarynyň ýurtda gazanylýan üstünliklere aýratyn uly goşandyny belledi.

Şeýle hem ynanylan wekil BAE-de Zenanlar birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

BAE-de dürli gatlaklardan bolan zenanlar doly iş mümkinçiliklerini tapýarlar. BAE olaryň işlemegi üçin ygtybarly ýerleriň biridir. 

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýolbaşçysy birleşikde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Gender deňligini gazanmakda Türkmenistan dünýäniň iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň Zenanlar birleşikleeriniň arasynda tejribe alyşmagyň möhümdigini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň