Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmeginiň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça sebit taslamalaryny amala aşyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi ýaly iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge kömek eder.
Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna oňyn täsir edýändigini aýratyn nygtady. Bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy, şol sanda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň uly orny bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga kömek eder hem-de sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.
Diplomat döwlet Baştutanymyza Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde uly goldawyň berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanyny netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.