Soňky habarlar

Arhiw

«Ulsan Hýonde» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy

20:0614.12.2020
1
4880

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ikinji duşuşygy hem geçirildi. Onda Koreýa Respublikasynyň «Ulsan Hýonde» topary Ýaponiýanyň «Wissel Kobesini» 2:1 hasabynda ýeňip, finala çykdy.

Şeýlelikde, yklymyň birinji derejeli ýaryşynyň iki finalçysy hem belli boldy. «Ulsan Hýonde» finalda Eýranyň «Persepolis» topary bilen güýç synanyşar. Final duşuşygy 19-njy dekabrda Kataryň El-Wakra şäherindäki «Al-Janub» stadionynda geçiriler. Iki topar biri-biri bilen taryhda ilkinji gezek duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň