Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Bitaraplyk» ordeni we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy

23:3811.12.2020
0
9255

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Bu sylag türkmen Liderine häzirki döwürde Garaşsyz döwletiň mizemez syýasy, ykdysady we hukuk esaslaryny bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmek, dünýä döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek işine goşan ägirt uly şahsy goşandy, jemgyýetiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanynaa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyz, halkymyzyň süýjüliginden toý paý hem berildi.

Milli Lider sylaglar we gutlag sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli özüne gowşurylan döwlet sylaglary bolan «Bitaraplyk» ordenini we ýubileý medalyny, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manady, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza eýerip berlen türkmen toý süýjüligini, ilkinji nobatda, bu sylaglaryň ählisini türkmen halkymyza berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň