Türkmenistanda ýylyň iň gowy futbolçysy kesgitlenildi

15:5310.12.2020
0
7228

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 27 ýaşly hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew ýurduň çempionatynyň 2020-nji ýyldaky möwsüminiň iň gowy futbolçy hökmünde ykrar edildi. Bu karara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan sport žurnalistleriniň we futbol toparlarynyň wekillerini arasynda geçirilen ses berlişigiň netijesine görä gelindi.

Olar 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça islän futbolçysyna ses berip bildiler.

Şu ýyl Altymyrat Annadurdyýew üçin diýseň düşümli ýyl boldy. Ol bassyr üç ýyl bäri ýurdumyzyň «Iň gowy futbolçysy» diýlip ykrar edilip gelinýär. Möwsümi Aşgabadyň «Altyn asyrynyň» düzüminde geçiren futbolçy çempionatda 25 duşuşyga gatnaşyp, şolarda 35 gezek tapawutlanyp, ajaýyp netije görkezdi. Şeýlelikde, ol çempionatyň ýakynda tamamlanan möwsüminiň iň netijeli futbolçysy hem boldy.

Oňa ýylyň iň gowy futbolçysy üçin niýetlenen baýragy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibi Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Altymyrat Annadurdyýew üstünliklerden doly ýoluň başlangyjyny Aşgabadyň «Galkan» futzal toparyndan başlapdy. Heniz futzal oýnaýarka hem şahsy üstünlikleri gazanyp ýetişen A.Annadurdyýew ýurdumyzyň 2014-nji ýyldaky çempionatynda 10 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futzalçy bolmagy başardy.

Uly futbola ilkinji ädimini 2015-nji ýylda äden Altymyrat şol ýyl «Ahal» bilen şertnama baglaşdy. Hatda futboldaky ilkinji duşuşygyny halkara ýaryşda ― AFK-nyň kubogy ― 2015-de Bişkek şäheriniň «Dordoý» futbol topary bilen geçirdi. Ol şol duşuşygyň 9-njy minudynda jerime urgusyndan ajaýyp pökgi geçirip, geljekki üstünlikleriniň buşlugyny berdi.

Altymyrat Annadurdyýew soňky ýyllarda Türkmenistanyň çempionatyna iň üstünlikli girişen ýaş futbolçylaryň biri boldy. Ol möwsümiň ilkinji duşuşygynda «Energetigiň» derwezesine 4 pökgi geçirdi. Şol möwsümde jemi 22 gezek tapawutlanan A.Annadurdyýew 2016-njy ýyldan bäri hem «Altyn asyryň» düzüminde çykyş edýär. Ol «aragatnaşykçylaryň» düzüminde ýurdumyzyň bäş gezek çempiony boldy.

2018-nji ýylda «Altyn asyr» bilen AFK-nyň kubogynyň finalyna hem gatnaşan Altymyrat Annadurdyýew yklym ýaryşynda iň köp tapawutlanan türkmenistanly futbolçydyr. Ol bu ýaryşda jemi 18 pökgi geçirdi.

Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýunynda Dünýä çempionaty ― 2018-iň saýlama tapgyrynda Guamyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini bolsa 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýwanyň ýygyndysynyň derwezesine geçirdi. Häzire çenli ol milli ýygyndymyzyň düzüminde 20 duşuşyk geçirip, şolarda 6 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň