Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda önümleriň Internet söwdasyny kämilleşdirmek barada möhüm wezipeler goýuldy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, isleg bildirilýän harytlary internet ulgamy arkaly sargamak hem-de öýüňe getirtmek babatda ýerine ýetirilýän hyzmatlary ösdürmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda hasaplaşyklar nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar. Munuň özi wagtyň tygşytlanmagynda-da uly ähmiýete eýedir.
Bu mesele Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň hasabatynda hem öz beýanyny tapdy. Hasabatyň çäklerinde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. Hususan-da, ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalarynyň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aralykdan satmak-satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňeýär.
Elektron söwdany ornaşdyrmagyň esasy guraly bolan elektron usulda tölegleriň amala aşyrylmagy üçin “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan internet bank töleg ulgamy ornaşdyryldy. Şeýle hem galtaşyksyz töleg ulgamy işe girizildi.
Döwlet Baştutany haly we haly önümleriniň elektron söwdasyny guramagyň hem-de halyny sargyt etmekde, taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Halyçylyk kärhanalarynyň çig mal üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.
Milletiň Lideri harytlarymyzyň internet söwdasy arkaly satylyşynyň artdyrylmalydygyny, ýurdumyzyň harytlary ýerlenilýän öz elektron söwda meýdançamyzy döredip, ony halkara derejede mahabatlandyrmak işiniň güýçlendirilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem Prezident içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramak döwrüň ösen talabydyr diýip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.