Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti el halylaryny dokamagyň we milli senetleri ösdürmegiň geljekki döwür üçin meýilnamalaryny işläp düzmegi tabşyrdy

23:5709.12.2020
0
4909

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurrduň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa türkmen halkynyň gadymdan gelýän amaly-haşam döredijilik sungaty bolan el halyçylyk sungatyny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde, geljekki nesillere ýetirmekde döwlet syýasatyny amala aşyrýan esasy edara hökmünde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň häzirki wagtda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

El halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi nygtaldy.

Birleşigiň ýolbaşçysy el halylaryny dokamakda ulanylýan çig mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.

Bellenilişi ýaly, haly önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini artdyrmak barada döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, mahabat işlerini has-da kämilleşdirip, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sergilerinde, şol sanda wirtual sergilerde türkmen halylaryny giňden tanatmak, internet arkaly el işleriniň söwdasyny ýola goýmak boýunça çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen el halylarynyň öndürilişiniň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan bu milli gymmatlygymyzy giňden wagyz etmek we mahabatlandyrmak işlerini ýaýbaňlandyrmagy tabşyrdy. Milletiň Lideri bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemegiň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmagy nazara alyp hem-de bazaryň ýagdaýyny öwrenmek esasynda, el halylaryny dokamagyň we milli senetleri ösdürmegiň geljekki döwür üçin meýilnamalaryny işläp düzmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, birleşigiň kärhanalarynda sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işleri utgaşdyrmak möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň