Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

22:5707.12.2020
0
6511

7-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlaryň we oba hojalyk toplumyna gönükdirilýän örän uly serişdeleriň netijesinde oba hojalygynda önüm öndürijileri höweslendirmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmalydygyny aýdyp, oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygyny gowulandyrmak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň alymlary, professor-mugallymlary bilen bilelikde, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly-gollanma kitapçalaryny taýýarlamaly.
Döwlet Baştutany oba hojalyk tehnikalarynyň maksada laýyk we netijeli ulanylmagy gazanylmalydyr diýip, şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerini suwarmakda we suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilmelidigini, önümçilige döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny köpeltmek we milli seýisçilik sungatyny ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň