Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Gruziýanyň belli ylmy işgärleri hem-de gruzin KHBS-niň wekilleri gatnaşdy.
Täze neşiriň tanyşydyryş dabarasynyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Murjikneliniň, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Kwesitadzeniň, şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň ylmy işgärleriniň we öňdebaryjy KHBS-niň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň okyjylary türkmen halkynyň medeni aýratynlyklary we baý ruhy dünýäsi bilen tanyşdyrýan bu eseriniň özboluşlylygy barada bellediler. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň çap edilmegi türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşinde wajyp waka bolup durýandygy barada hem bellenip geçildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.