Soňky habarlar

Arhiw

«Ýeňme» Halkara maýyplar güni mynasybetli çäre geçirýär

15:1202.12.2020
0
7175

3-nji dekabr Halkara maýyplar günüdir. Bu senä halkara çäreleriň senenamasyndan orun berimeginiň esasy sebäbi  jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda maýyplaryň hukuklaryny öňe sürmek, köpçüligiň ünsüni olaryň meselesine çekmek bilen baglydyr.

«Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy her ýyl bu gün mynasybetli dürli haýyr-sahawat çärelerini geçirýär. Olarda maýyplary ruhy taýdan goldamak we olaryň durmuşda öz ornuny tapyp bilemgi üçin ähli tagallalar edilýär.

Şeýle çäre ertir ýene-de geçiriler. Oňa ZOOM arkaly baglanyp bolar. 916 6299 9359 ID arkaly ir sagat 10-dan 13-e çenli bu webinara onlaýn gatnaşyp bolar.

Habarlaşmak üçin telefon: +993 62 73 10 07.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň