“Samsung” smartfon bazaryndan ýokary girdeji gazandy

12:2930.11.2020
0
1105

“Samsung Electronics” kompaniýasy 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde soňky alty ýyldaky iň ýokary girdejisini gazandy. Muňa garamazdan, koreý brendi bu babatda “Apple”-den yzda barýar. Kompaniýanyň “Galaxy S” seriýasyna degişli smartfonlarynyň satuwynyň ýokary bolmagy girdejisine oňyn täsir edipdir. “Samsung” ABŞ bazarynda “Apple”-dan, Hindistan bazarynda “Xiaomi”-den ozdurypdyr.

“Samsung” has köp görnüşli telefon öndürmäge aýratyn üns berýär. Soňky üç aýda kompaniýa global telefon satuwyndaky girdejiniň 22,6 göterimini eýeläpdir. Amerikan tehnologiýa ägirdi telefon satuwynda “Samsung”-dan yzda hem bolsa, girdeji babatda öňdeligi eýeleýär. Häzirki wagtda global smartfon satuwyndan alynýan girdejiniň 29,5 göterimi “Apple”-iň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň