Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşigi geçirildi

21:5328.11.2020
0
6752

Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Fulwio Martuşello Merkezi Aziýa babatda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň gi­ňeldilmegi ugrunda pikirini aýtdy. Şunda bitaraplyk derejesi sebitiň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýän Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn orny bellenildi.
Öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýewropaly kärdeşlerini mejlisiň düzümi hem-de esasy wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyrdylar.
Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, sebitiň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň­leşdirmek, möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan çykyşynda ÝB-niň Bitarap Türkmenistanyň sebitde alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berýändigini belledi.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki parlamentara mejlisiň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek ýeri we wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň