Soňky habarlar

Arhiw

«Aýna gap» her gün 15 müň halta öndürýär

14:3828.11.2020
1
7768

Önümçiligini Saýat etrabynyň Çaltut şäherçesinde ýola goýan «Aýna gap» hususy kärhanasynda her gün 15 müň polietilen halta öndürilýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu kärhana 2015-nji ýylda işini ýola goýup, miwe suwlaryny, şire-şerbet, mürepbe ýaly önümleri gaplap gelýär. Mundan daşary hem bu kärhana 2019-njy ýylda dürli hilli azyk önümleri gaplamak üçin niýetlenilen polietilen haltalary öndürmek işini hem ýola goýdy. Kärhananyň halta öndürýän sehinde Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary hilli döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Önümçilikde ulanylýan esasy çig mal Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen önümi bolup, ol ýörite peçiň üsti bilen eredilip, klýonka görnüşine getirilýär. Soňra ýörite ölçegde kesiji daraklar bilen kesilip, ýüplük görnüşinde äpet dükjelere saralýar we şol ýüplüklerden halta dokalýar. Dokalan halta belli bir ölçege görä kesilip, ýörite enjamyň kömegi bilen aşaky bölegi tikilýär. Taýyn bolan haltalar ammarlara ýerleşdirilýär we sargytçylara ugradylýar. Bu kärhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, halkyň islegini kanagatlandyrýan haltalaryň her ýyl millionlarçasyny öndürmäge mümkinçilik bar.

Kärhanada işgärleriň 25-den gowragy zähmet çekip, iş iki çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda bir tonna golaý polipropilen gaýtadan işlenilip, 10 ― 15 müň halta dokalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň