Soňky habarlar

Arhiw

«Rostelekom» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär

13:2526.11.2020
0
15642

24-25-nji noýabr aralygynda geçirilen «Türkmentel — 2020» XIII halkara onlaýn maslahatda «Rostelekom-yň» halkara telekom operatorlary bilen işlemek boýunça bölüminiň müdiri Maksim Akinin «Telekom bazarynyň ösüş tendensiýalary»,  «Rostelekom» we Türkmenistan» atly temalar bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Rostelekom» bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy, interneti has netijeli ulanmak üçin döredilen mümkinçilikler barada durup geçdi. 

Biz Maksim Akinin bilen «Türkmenportal-yň» okyjylary üçin söhbetdeşlik taýýarladyk.

— Hormatly Maksim! «Türkmentel» sergilerine ozal hem gatnaşypdyňyzmy?

— Elbetde! Men üç ýyl yzly-yzyna sergi üçin Aşgabat şäherinde boldum. «Türkmentelekom» Döwlet aragatnaşyk kompaniýasy bilen 2006-njy ýyldan, ýagny Halkara hasaplaşyklar merkezi (CIDC) bilen şertnama baglaşylandan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýäris.

— «Türkmentel — 2020» halkara maslahatyny onlaýn usulda geçirmek biziň ilkinji tejribämiz. Umuman, onlaýn maslahat barada näme pikir edýärsiňiz? Guramaçylyk derejesine nähili baha berýärsiňiz?

— Bu maslahatyň ähmiýeti sebit üçin gaty möhümdir. Bu hyzmatdaşlar bilen duşuşmak üçin gowy mümkinçilik bolup durýar. Meniň üçin «Türkmentel» hemişe Aşgabat şäherine gelmegime gowy sebäp bolýardy. Emma bu ýyl dünýädäki çylşyrymly şertler sebäpli, maslahat onlaýn ýagdaýda geçdi.  Garyşyk formatdaky  zalda tomaşaçylaryň barlygy meni gaty haýran galdyrdy. Häzirki şertlerde adamlaryň maslahata gatnaşmaga mümkinçiliginiň bolmagy örän ajaýyp. Maslahatyň özi hünär taýdan guraldy we maksatnama gowy meýilleşdirildi. Türkmenistanyň indi adat bolup gelýän «Türkmentel» forumyna ygrarlydygyna we ony şu ýyl hem, global pandemiýa meselesiniň bardygyna garamazdan, onlaýn formatda geçirendigine begenýärin, bu esasanam, sanly formatdaky foruma has köp gyzyklanýan adamy özüne çekdi. Her niçigem bolsa, tolgundyryjydy, sebäbi gatnaşyjylaryň arasynda zalda köp tanyş ýüzleri gördüm we hatda salamlaşmak üçin pursatdan hem peýdalandym.

— Türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň nähili geljegi bar, anyk meýilnamalar barmy?

— Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygymyz bar, biz ony geljekde has-da güýçlendireris. Meýilnamalar barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçiş ýollaryny bilelikde ösdürmäge garaşýas. Bu biziň hyzmatdaşlygymyz üçin täze ugur bolar diýip umyt edýärin. Umuman aýdanymyzda, berk binýadymyz, ýokary derejeli, adamkärçilikli we hoşniýetli gatnaşyklarymyz bar, şonuň üçin hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris.

— «Rostelekom» üçin bu ýyl nähili geçdi, häzirki döwrüň meseleleri bilen baglylykda, haýsy iş usullaryny ýola goýduňyz?

— Bu ýyl beýleki ýyllara garanyňda, agyr geçdi. Aprel aýyndan bäri tutuş kompaniýa uzakdan işleýär, bu işiň hiline hiç hili täsir etmeýär, ýylyň netijeleriniň hem gowy boljakdygy çak edilýär. Entek pese gaçmadyk traffikde uly ösüş boldy. Meniň pikirimçe, bu ýyl, umuman alanyňda, sanlylaşdyrmagy durmuşyň ähli ugurlaryna girizmek üçin gowy netije berdi.

— Şeýle traffigiň akymyna nähili çemeleşmeli?

— Biz nirä barýarys?  Biz Russiýanyň iň uly operatory, elbetde, bu dogry zat.  Bütin dünýäde aragatnaşygymyzyň köp ýollary bar. Hawa, adamlaryň kynçylyk çekmezligi üçin ýokary hilli aragatnaşygy üpjün etmek üçin gaty köp işledik.  Şol bir wagtyň özünde, adamlar syýahat etmegi bes edenligi sebäpli, syýahatçylyk boýunça uly ýitgilerimiziň bardygyny aýdyp bilerin.  Halkara traffigi ep-esli azaldy, emma internet we beýleki hyzmatlar munuň öwezini dolýar.

— Hormatly Maksim Akinin, teklibimizi kabul edip, sowallarymyza jogap berendigiňiz üçin Size redaksiýamyzyň adyndan köp sag bolsun aýdýarys! Size we kompaniýaňyza bolsa uly üstünlikleri arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň