Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmentel-2020” XIII halkara konferensiýasy öz işini tamamlady.

18:5625.11.2020
0
5959
“Türkmentel-2020” XIII halkara konferensiýasy öz işini tamamlady.

Şu gün “Türkmentel-2020” XIII halkara konferensiýasy öz işini tamamlady.

Konferensiýanyň 3-nji we 4-nji mejlisi şu gün geçirildi.

Üçünji mejlisiň dowamynda, ýeke-täk milli aragatnaşyk toruny gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu tema boýunça çykyş edenler aşa çalt, optiki-süýümli giň zolakly we 5G torlaryna ünsi jemläp, durnukly we ykjam aragatnaşygyň ösüş tendensiýalary we bazar dinamikasy barada söhbet etdiler.

Bu mejlise, “Nokia” kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýolbaşçylyk edýän  Jeý Pi Takala hemaýatkärlik etdi. 

Dördünji mejlisde çykyş edenler “Aragatnaşygyň sanlaşdyrylmagy we globallaşmagy we kiberhowpsuzlygyň we maglumatlary goramagyň barha artýan ähmiýeti”, infrastruktura maýa goýumlary we howplar, halkara ülňüleri we hukuk binýady, kiber sowatlylygy we adam kapitalyna maýa goýumlary meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu mejlise Gündogar Ýewropa we ösüp barýan bazarlaryň müdiri Ortwin Maýer, “NTT DATA Romania S.A.” we “NTT DATA”-nyň Türkmenistandaky Baş müdiri ýolbaşçylyk etdi. “NTT DATA” kompaniýasy bu mejlise hemaýatkärlik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň