Soňky habarlar

Arhiw

“Galaxy A12” hem-de “Galaxy A02s” tanyşdyryldy

18:4625.11.2020
0
4812

“Samsung” kompaniýasy iki sany täze smartfony tanyşdyrdy. “Galaxy A12” we “Galaxy A02s” atly telefonlary orta derejeli telefonlar degişlilikde 150 hem-de 179 dollardan satylar. “Galaxy A12” smartfonynyň 5.000 mA/sagat batareýasy we 6,5 dýuým HD+ Infinity-V ekrany bar. 8 megapiksel durulygynda surata alýan selfi kamera oturdylan telefonyň yz tarapynda dört sensor ýerleşdirilipdir. Yz tarapyndaky kameralar 48 megapiksel, 5 megapiksel we 2 megapiksel durulygynda surata alýar. “Mediatek Helio P35” mikroprosessor oturdylan telefonlaryň 3 GB, 4 GB we 6 GB RAM-ly görnüşleri bar. “MicroSD” hem oturdyp bolýan telefonyň içki ýadynyň 32 GB, 64 GB we 128 GB nusgalary bar. Üç reňkli telefon 179 ýewrodan satuwa çykarylar.

“Galaxy A02s”-iň 3 GB RAM-y hem-de “microSD” arkaly giňeldip bolýan 32 GB ýady bar. Telefonyň yz tarapynda üç sany kamera sensory ýerleşdirilipdir. Telefonlaryň indiki ýylyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň