Top.Mail.Ru

Arhiw

Şu ýylyň awgust ― oktýabr aýlarynda Türkmenistana «Hyundai» awtobuslarynyň 339-sy getirildi

16:2022.11.2020
2
37952

«SeaNews»-yň habaryna görä, «CJ ICM Logistic» kompaniýasy şu ýylyň awgust ― oktýabr aýlary aralygynda Koreýanyň «Hyundai» awtobuslarynyň 339-synyň Türkiýeden Türkmenistana getirilmegine ýardam berdi.

Habarda-da ýazylyşy ýaly, awtobuslar deňiz ýollary arkaly ilki Koreýa Respublikasyndan Türkiýä getirildi. Bu ýerden hem merkezi edarasy Izmir şäherinde ýerleşýän logiksik kompaniýasy awtbuslaryň Türkmenistana aşyrylmagyny üpjün etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Koreýadan 400 sany ýolagçy awtobusyny satyn almak baradaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde, awgust ― oktýabr aýlarynda jemi ýedi gämi Türkiýeden Türkmenistana «Hyundai» awtobuslarynyň 339 sanysyny alyp geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň