Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň we Astrahan oblastynyň halkara gatnaşyklar gullugy «Hazar sebitinde ulag we logistika pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň orny» atly tegelek stol görnüşindäki halkara onlaýn maslahaty geçirdi.
Duşuşyga hökümet edaralarynyň wekilleri, işewürler, ýokary bilim edaralarynyň hünärmenleri we mugallymlar, şeýle hem Türkmenistanyň we Astrahanyň metbugat wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew we Astrahanyň halkara gatnaşyklar gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji I.Toropisin gatnaşyjylara ýüzlenme bilen çykyş etdi. Soňra maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideogörnüşler görkezildi.
Russiýanyň we Türkmenistanyň ulag we logistika toplumynyň ösüşine we Hazaryň ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň wezipelerine bagyşlanan ilkinji bölümiň çäginde «Astrahan oblastynyň gämiçilik we ekspeditorlar boýunça sebitleýin assosiasiýasy bilen «Türkmen logistika» assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama» gol çekildi. Maslahatyň işine deňiz portlarynyň ýolbaşçylary, “Lotus” ýörite ykdysady zolagynyň, ulag we logistika merkezleriniň we işewür gurluşlaryň wekilleri hem gatnaşdy.
Hazar sebitiniň logistika pudagynyň işine we ýokary bilim edaralarynyň ulag we logistika pudagynda hünärmenleri taýýarlamak üçin özara gatnaşyklaryna bagyşlanan bölümde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen F.Apraskin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama» gol çekildi. Bölümiň işine bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşdy.