Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual syýahatlar indi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet sahypasynda elýeterli

10:5320.11.2020
0
14321


GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasyna girýänler indi Arkalaşygyň ýurtlarynyň wirtual muzeýlerine bagyşlanan bölüm arkaly Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç edip bilerler.

Ýerine ýetiriji komitetiň web sahypasynda berilýän habara görä, häzirki wagtda GDA agza ýurtlaryň Wirtual medeni miras muzeýiniň taslamasy işlenip düzülýär.

Şu ýylyň 20-nji maýynda Wirtual muzeý baradaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň mejlisinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň GDA-nyň agza döwletleriniň wirtual medeni mirasynyň muzeýini döretmek boýunça işler tamamlanýança GDA ýurtlarynyň muzeýleriniň wirtual ekspozisiýalaryna baglanyşyk bolan bölüm döretmek baradaky teklibi tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň