Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisine taýýarlyk görülýär

23:3619.11.2020
0
2956

19-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanyna Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň üstünlikli işi bu hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutany senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge hem-de nebitgaz toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-logistika, suwdan peýdalanmak, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutany bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy. Ýurdumyz onuň bilen ägirt uly kuwwata hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar. Biz koreý kompaniýalarynyň işjeňligini goldaýarys hem-de mundan beýläk-de olaryň ýurdumyzda alyp barýan işine zerur bolan goldawy bereris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň