Soňky habarlar

Arhiw

Şymkentde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi açyldy

11:2319.11.2020
0
6002

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2020-nji ýyldaky medeni paýtagty diýlip yglan edilen Şymkent şäheriniň kitaphanalarynyň resmi web saýtlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn sergi açyldy.

Şymkent şäher häkimliginiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan bu onlaýn sergide Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty, milli medeniýeti we däp-dessurlary, baý taryhy bilen baglanşykly suratlar ýerleşdirildi.

Serginiň bir bölegi Türkmenistanyň meşhur taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, Aşgabadyň ajaýyp ýerlerini, ýurduň häzirki döwri barada gürrüň berýän suratlardan we wideolardan, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly maglumat neşirlerinden ybaratdyr.

Sergi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösýän bitarap Türkmenistan bilen içgin tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Onlaýn sergi 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň