Şu gün - 18-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň ýüze çykýan täze wehimlere we howplara görä täze mazmuna eýe bolýandygy barada nygtaldy.
Türkmenistanyň BMG-niň diňe merkezi edarasy däl-de, eýsem sebitleýin edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýänligi barada hem bellenilip geçildi. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we başgalar bilen netijeli gatnaşyklar dowam edýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga, adam hukuklarynyň goragyna, ekologiki we energetiki howpsuzlyga gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Koronawirus pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn seredilip geçildi. Türkmenistanyň COVID-19 garşy göreşmek boýunça, hususan-da merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň alyp barýan utgaşykly işlerini goldaýandygy aýratyn bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişli halkara gurallarynyň işlenilip taýýarlanmagyny we döredilmegini teklip edendigi barada bellenilip geçildi.
Taraplar ähli halklaryň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine ynam bildirdiler.