Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gymmat bahaly agyz-burun örtügi Ysraýyl döwletinde satuwa çykaryldy

13:4918.11.2020
0
3625

Dünýäniň  iň gymmat nyrhly agyz-burun örtügi Ysraýyl döwletinde satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 1 million 500 müň dollardyr.

Ysraýylyň zergärçilik kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan bu agyz-burun örtügi 250 gram arassa altyndan ýasalandyr. Agyr-burun örtüginde umumy agramy 210 karat bolan 3 müň 608 sany gara we ak almaz ulanyldy. 

Gymmat bahaly agyz-burun örtüginiň amerikaly bir telekeçiniň buýurmasy  esasynda ýasalandygy mälim edildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň