Türkmenistanda möwsümleýin dümewe garşy mugt sanjym edilýär

11:2116.11.2020
0
27714

Türkmenistanda raýatlara möwsümleýin dümewe garşy mugt öňüni alyş sanjymlary edilip başlandy. Sanjym, ilkinji nobatda, garry adamlara maslahat berilýär.

Bellenilişi ýaly, etrap Saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary nobatyň bolmazlygy üçin her raýata aýratyn sanjym wagtyny belleýärler. Sanjymy almak üçin diňe maşgala lukmanyna ýüz tutup, etrap saglyk öýüne haçan gelmelidigini anyklamak ýeterlik.

Türkmenistan COVID-19 dünýäde ýaýrandan soň ilatyň sanjym ulgamy bozulmadyk az ýurtlarynyň birine öwrüldi. Ýurtda möwsümleýin kesellere we 14 ýokanç kesele garşy mugt sanjymlar yzygiderli berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň