«Ahal» futbol topary çempionatyň 25-nji tapgyrynda «Şagadamdan» 0:4 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, möwsümi ikinji orunda tamamlady.
24 duşuşykda 49 utuk toplap bilen «Ahal» bu netije bilen indiki ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Onuň toparçalarda ýa-da saýalama tapgyrda ýaryşjakdygy Türkmenistanyň kubogy ugrundaky duşuşyklardan soňra belli bolar.
Seýit Seýidowyň şägirtleriniň bu tapgyrdaky garşydaşlary bolan «Şagadam» bolsa «Köpetdag» bilen üçünji orun ugrunda göreşýär.
“Şagadam” – “Ahal” – 4:0
Gollar: 19 Merdan Gurbanow, 68 Aşyrgeldi Saryýew, 80 Hydyr Ýakubow, 82 Yhlas Magtymow.
Duýduryşlar: 40 Ionel Kosofana, 45+2 Baýramgeldi Nuryýew – 6 Pirmyrat Sultanow, 19 Ilýa Tamurkin, 30 Serdar Annaorazow, 65 Gurbangeldi Aşyrow.
Meýdandan çykarylan: 31 Ilýa Tamurkin, ikinji duýduryş, 45+2 Gurban Annaýew.
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).