Soňky habarlar

Arhiw

“Liwerpulda” şikesli futbolçylaryň sany artýar

13:4514.11.2020
0
786

Angliýanyň çempiony “Liwerpul” topary şikesli oýunçylaryndan ejir çekip başlady. Üstesine toparyň ýyldyzy Mohamed Salahyň “kowid 19” pandemiýasyna uçramagy-da tälimçi Ýurgen Kloppy hasam çykgynsyz ýagdaýa eltýär. Mundan 1 aý töweregi öň toparyň esasy merkezi goragçysy Wirgil Wan Deýkiň şikes alyp, möwsümiň soňuna çenli diýen ýaly oýnap bilmejekdigi habar berlipdi. Ondan soň, soňky wagtlarda goragçy hökmünde oýnadylýan braziliýaly Fabionionyň hem şikes almagy, golaýda sag gyraky goragçy Tren Aleksander-Arnoldyň, şol sanda Tiago Alkantaranyň we köp wagtdan bäri şikesli bolan Aleks Oksleýd-Çemberleýniň, ýakyn günlerde, has takygy, hepdäniň başynda sagda-da, merkezde-de oýnap bilen goragçysy Jou Gomeziň hem goşulmagy Kloppy has-da çykgynsyz ýagdaýa salsa gerek. Jou Gomeziň golaýda dyzyndan operasiýa bolmagy we möwsümiň agramly böleginde toparyna kömeginiň degmeýändigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň